JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Emmanuel Makron bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşygy geçirildi.

Fransiýanyň paýtagty Eliseý köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri dabaraly garşy alyndy. Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda ýokary derejede tükrmen-fransuz gepleşikleri geçirildi.

Fransiýanyň habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Eliseý köşgünde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Fransiýanyň “Thales Alenia Space Group” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň ikinji emeli hemrasyny üpjün etmek boýuça çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem söhbetdeşler durnukly şäher ösüşi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyp, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň “ýol kartasyny” tassykladylar we Türkmenistanda bilelikdäki arheologiýa ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Fransiýa Respublikasyna ikinji resmi saparyny amala aşyrdy. Mundan ozal, türkmen halkynyň Milli Lideriniň sapary 2010-njy ýylda bolupdy.

Türkmenistan Ýewropa ýurtlary, şol sanda Fransiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, düşünişmek esasynda alnyp barylýar. Syýasy-diplomatik ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar