2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň hormatyna we bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýakynda Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi.
Türkmen wekilleriniň, BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysy doktor Hans Klýügäniň, BSGG-niň bölüm ýolbaşçylarynyň, şeýle hem sanly ulgam arkaly göni aragatanşykda BSGG-ine agza bolan dürli döwletleriň wekilhanalarynyň ýolbaçylarynyň we hünärmenler düzüminiň gatnaşmagynda bu çäre ýokary guramaçylykly derejesinde geçirildi.
Çäräniň meýilnamasynyň çäklerinde ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, derman serişdelerine gözegçilik etmek we olary hasaba almak işleri, keselleriň öňüni alyş sanjymlar bilen ilaty doly gurşap almakda we ilatyň saglygy ugrunda sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler hem-de ýetilen sepgitler ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekgi hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň gününiň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda wekilçilikli toparyň ýolbaşçysy bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory doktor Hans Klýugäniň arasynda geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçylary we bölüm müdirleri bilelikde «tegelek stol» görnüşindäki maslahata gatnaşdylar. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri beýan edildi.
Maslahatyň barşynda 2025-nji ýylyň 10-12-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly geçiriljek halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň, bu sebitiň ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara saglygy goraýyş maslahatyny geçirmek baradaky, bu maslahata taýýarlyk görlüşi hem-de onuň gün tertibine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.