JEMGYÝET

Stambul şäherinde Parahatçylyk we ynanyşmak halkara ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Medipol Uniwersitetiniň binasynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy  (ş Stambul) we türkmen talyp ýaşlary bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýörite baýramçylyk sergi-tanyşdyryş çäresi geçirildi.

 

 

Çäräniň çäklerinde Medipol uniwersitetinde okaýan talyplaryň we akademiki jemgyýetiň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen medeniýetine bagyşlanan dabaraly konsert guraldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň pawilýonynda baýramçylyk sergi-çäresine gatnaşan birnäçe daşary ýurtly myhmanlara, talyp ýaşlara Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyndaky esasy üstünlikleri, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän möhüm başlangyçlary we birek-birege gyzyklanma döredýän meseleler boýunça giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, ýurdumyzda Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde alnyp barylýan çäreler hakynda giňişleýin tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistan baradaky wideo ýazgylar görkezildi hem-de sergä gatnaşan myhmanlara türkmeniň milli tagamy bolan Palawy hödür edildi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Erman Ylyjagy kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlaýarys!

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisi geçirilýär