Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamasyna laýyklykda, şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek maslahatyň çäklerinde guraljak parlamentara foruma taýýarlyk görülýändigi barada hasabat berdi.
Forumyň many-mazmunyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek maksady bilen, Mejlisde guramaçylyk iş topary döredildi. Şeýle hem deputatlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, türkmen Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetini, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara maslahata we parlamentara foruma gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşmagyň zerurdygyny belledi.
