SIZDEN GELENLER

Sagdynlyk – ýaşaýşyň bezegi

Ynsan saglygy ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il saglygyna aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, welaýat, etrap merkezlerinde döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralary muňa aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa ornaşdyrmak, raýatlara berilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, ilatyň arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almakda möhüm işleriň biri bolup durýar.

Ata Watanymyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygy, ösüp gelýän ýaş nesilleriniň nurana geljegi hakyndaky alada ajaýyp zamanamyzda üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk ulgamyna kämil tehnologiýalary, öňdebaryjy dünýä tejribesini yzygiderli ornaşdyrmak, halkara ölçeglere laýyk enjamlaşdyrylan hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, şypahanalary, bedenterbiýe-sport toplumlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan köptaraply işler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ynsan saglygyny goramagyň möhüm ugurlarynyň biri-de beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmekdir. Çünki çagalar biziň geljegimizdir. Şonuň üçinem ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça durmuşa geçirilýän işleri buýsandyryjy ýagdaýlaryň biri hökmünde agzap geçmek bolar. Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň talabalaýyk guralmagyny, çaga iýmit önümlerine ýokary talaplaryň bildirilmegini, köpçülikleýin immunlaşdyrma ulgamynda oňyn netijeleriň gazanylmagyny, çaganyň kadaly ösmegi üçin zerur bolan nahar duzunyň ýod bilen baýlaşdyrylmagyny, ähli welaýatlarda «Ene mähri» merkezleriniň hereket etmegini körpe nesliň göwnejaý ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň hatarynda görkezmek bolar.

Ýaş nesillerimiziň saglygyny goramak barada söhbet edilende, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen ýaş nesilleriň, ylaýta-da, goldawa, mähre mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek we berkitmek boýunça durmuşa geçirilýän sogap işler ata-babalarymyzyň bagtyýar zamanamyzda barha rowaçlanýan ynsanperwerlik ýörelgelerini dünýä ýaýýar.

Halkara derejesindäki döwrebap merkezi gurduryp beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň çagalaryň sagdyn kemala gelmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri elmydama üstünliklere beslensin!

Atajan Hemraýew, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty. 

Ýene-de okaň

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy

Parahatçylyk – geljegiň rowaçlygy

Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekany

Döwrebap bilim — kämil ýaşlar

Nebitgaz pugagynda halkara hyzmatdaşlygy

Diller – üstünligiň açary