JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Sport çäresine gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri hem bar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem bu asylly çärä gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň hatarynyň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylaryň ählisi Saglyk ýolunyň ýanyndan ak mermerli Aşgabadyň giň şaýollary boýunça uzaýan ugur bilen sazlaşykly hereket edip başladylar.

Welosipedli ýörişiň geçýän ýolunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar