JEMGYÝET

Türkmenistanyň içeri işler ministrine täze orunbasar bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Wepaly Durdymuhammedowiç Ataýew içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Öwezgeldi Gurbanberdiýewiç Kakalyýew içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu resminamalara Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň harby we hukuk edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi.

Related posts

TAPI Gaz Projesi İstanbul’da Masaya Yatırılacak

vepa

Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri okuw maslahatyny geçirer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň BAE bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýar