SPORT

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary “East Bengal” toparyny ýeňdi

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çäklerinde çärýek final tapgyrynda Hindistanyň “East Bengal” futbol topary bilen duşuşdy. Duşuşyk Hindistanyň Kalkutta şäherindäki “Vivekananda Yuba Bharati Krirangan” stadionynda geçirildi.

Duşuşyk 1:0 hasabynda ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 11-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow geçirdi.

Toparlaryň nobatdaky duşuşygy geljek hepde Türkmenistanda oýnalar.

2023-nji ýylyň aprelinde döredilen “Arkadag” topary täze klubdygyna garamazdan, geçen döwürde gazanan üstünlikleri bilen halkara abraýa eýe boldy. Merkezi Aziýanyň ýeke-däk “akylly” şäheri bolan “Arkadag” şäheriniň adybir “Arkadag” topary 2023-nji we 2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy.

Şeýle hem topar Türkmenistanyň kubogyny hem gazanmagy başardy.

Related posts

Roberto Martines türkmenistanly futbol janköýerlerine salam ýollady

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» futbol topary 24 utuk toplady

Martines “Barselona” golaýlaýar