JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri:«Euronews» telekompaniýasyny hyzmatdaşlygy dowam etdireris

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini we munuň özi üçin buýsançly wakadygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän habar beriş ulgamynyň giň köpçülige ýetirýän täsirini belläp, millionlarça tomaşaçysy bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy ündeýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak ugrunda işleri mundan beýläk-de ilerletmäge ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi aýratyn nygtaldy.

«Euronews»-iň habarçylarynyň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şol ýyl ýurdumyzda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, 2019-njy ýylda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny beýan etmäge gatnaşmagy muňa aýdyň mysaldyr.

Şu ýyl biz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny belleýäris. Geçen döwrüň içinde sebit we dünýä ähmiýetli örän köp işler edildi. Olar häzirki wagtda-da üstünlikli amala aşyrylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletlerini, halkara guramalary parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz bu maksatlary giň köpçülige ýetirmek işiniň «Euronews» ýaly meşhur, ygtybarly we iri köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň goldawy bilen mümkin boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Pedro Wargas Dawid ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini, bilelikde köp işleri amala aşyryp boljakdygyny we häzirki wagtda bu ugurda netijeli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz bu resminamada maglumat we habar beriş işine aýratyn üns çekilýändigini belledi we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan dürli çäreleri, dialog meýdançalaryny «Euronews» bilen hem guramagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda ýaş žurnalistleriň, bu ugurda okaýan talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýändigini belledi. Şoňa görä, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bu ugurda «Euronews» bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplere garamaga taýýardygyny tassyklady.

«Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy behişdi ahalteke bedewleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny hem-de bu meşhur atlaryň hakyky muşdagy bolan Milli Liderimiziň şeýle özboluşly bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamaga, geljek nesillere ýetirmäge ägirt uly goşandynyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görendigini, türkmen halkynyň döreden bu ajaýyp sungatyny, däp-dessurlaryny metbugatda giňden wagyz etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 18 ýaşdan kiçi adamlar üçin pagtaçylyk gadaganlygy hukuk taydan has berkidilidi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabadyň saglyk merkezleri “German Design Award 2025” baýragyna mynasyp boldy

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ankarada türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi