SPORT

Ronaldodan ýene-de bir rekord

Futbol dünýäsiniň rekordçylarynyň biri hasaplanýan Kristiano Ronaldo ýene-de bir rekordyň eýesi boldy. 39 ýaşyndaky hüjümçi Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary bilen “Al-Read” toparynyň arasyndaky duşuşykda 1 gol geçirdi we toparyna ýeňiş getiren gola goşant goşdy.

Şeýlelikde, Ronaldo bu üstünligi bilen topar derejesinde 700 sany ýeňiş gazanan futbol taryhynda ilkinji futbolçy boldy.

Ronaldo Saud Arabystanynyň futbol çempionatynyň şu möwsüminde 17 duşuşykda oýnap, 15 gol geçirdi. Onuň topary bilen şertnamasynyň möhleti şu ýyl tamamlanýar.

5-nji fewralda 40 ýaşaýan Ronaldo “Sporting” topary bilen 13, “Mançester Ýunaýted” topary bilen 214, “Real Madrid” topary bilen 316, “Ýuwentus” topary bilen 91 we “Al-Nasr” topary bilen 66 duşuşykda ýeňiş gazandy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy