JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda geňeşmeler geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylda möhüm meseleler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatynda düýpli pikir alyşmalar boldy.

Söhbetdeşler türkmen-gazagystan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, energetika, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.

Şu maksat bilen iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda tiz wagtda geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtlarda şeýle geňeşmeleri Astanada guramak hem-de Gazagystan tarapy bilen bu meseläniň ylalaşylan ýagdaýynda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny ibermek baradaky teklip beýan edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygy hem-de bäştaraplaýyn görnüşde geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi