SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty Hazarýaka döwletleri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu hyzmatdaşlyk syýahatçylyk pudagy hem öz içine alýar.

Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow ýerli metbugata beren beýanatynda Hazarýaka döwletleri bilen syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygynda awiagatnawlara hem uly orun degişlidir. Bu hem işewür gatnaşyklaryny hem-de talyplaryň alyş-çalşygy nukdaýnazaryndan möhümdir.

Wladimir Golowkow Tükrmenistan bilen awiagatnawlary ýola goýmak babatda degişli işler alnyp barylýandygyny belläp, Astrahan-Aşgabat ýa-da Astrahan-Türkmenbaşy ugry boýunça uçar gatnawlaryny guramak meselesine garalýandygyny aýtdy.

Şeýle hem ol ýakyn wagtda Hazar deňzi boýunça gämili syýahatçylygyň ýola goýuljakdygyny aýtdy. Muňa äňli hyzmatdaşlarynyň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny belläp geçdi.

Related posts

Alymlar ömri uzaldýan içgini tapdylar

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Ata Watan Eserleri

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri