SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

3 ýyl ýöräp, Mekgä bardy

Günorta Afrikanyň zyýaratçysy 3 ýyl ýol ýöräp, Mekgä bardy. Ol haj parzyny ýerine ýetirmek üçin 2018-nji ýylyň awgustynda ýola çykypdy. Keýptaun şäherinden ýola çykan afrikaly zyýaratçy pandmeiýa sebäpli 1 ýyldan köp wagt Aksa metjidinde boldy.

Saheed atly zyýaratçy haj parzyny ýerine ýetirip, Watanyna ýene-de ýöräp gitmegi meýilleşdirýär.

Ol Zimbabwe, Zambiýa, Tanzaniýa, Keniýa, Sudan we Müsür ýaly ýurtlary geçdi. Palestina baran wagty koronawirus pandemiýasy başlady. Soňra ol 1 ýyldan gowrak wagtyny Aksa metjidinde geçirdi.

Serhetleriň täzeden açylmagy bilen Saheed atly zyýaratçy Iordaniýanyň üsti bilen Medine şäherine bardy. Häzir ol haj parzyny ýerine ýetirýär.

Mälim bolşy ýaly, 2 ýyldan gowrak wagt dowam eden koronawirus pandemiýasyndan soňra Saud Arabystany zyýaratçylary kabul edip başlady. Türkmenistandan hem zyýaratçylaryň bir topary Saud Arabystanyna gitdi.

Related posts

THY: Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Gruziýanyň ýük uçary Türkmenabadyň halkara howa menziline gondy

Türk Howa Ýollary : Aşgabat uçar gatnawlary barada

Ata Watan Eserleri