SPORT

Türkmenistan Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryna taýýarlanýar

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny şu ýylyň 25-nji martynda myhmançylykda Hytaý Taýbeýiniň milli ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer.

Ýeri gelende bellesek, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň edara binasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada Tailandyň, Hytaý Taýbeýiniň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparlary bilen duşuşmaga mümkinçilik aldy.

Bije çekişligiň netijesinde ýygyndylaryň dördüsinden ybarat bolan toparçalaryň 6-sy düzüldi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyryň çäginde 2025-nji ýylda bäş, 2026-njy ýylda bolsa bir duşuşyk geçirer. Ýygyndy toparlaryň her biri üç duşuşygy öz meýdanynda, üç duşuşygy bolsa myhmançylykda geçirer.

2027-nji ýylda Saud Arabystanyda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda toparçalaryň ýeňijileri çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Aziýa Kubogy 2027-niň saýlama tapgyry:

 «D» toparça

 1-nji tapgyr

25.03.2025 (sişenbe)

 Tailand – Şri-Lanka

Hytaý Taýbeýi – TÜRKMENISTAN

***

2-nji tapgyr

10.06.2025 (sişenbe)

Şri-Lanka – Hytaý Taýbeýi

TÜRKMENISTAN – Tailand

 ***

3-nji tapgyr

09.10.2025 (penşenbe)

 Şri-Lanka – TÜRKMENISTAN

Tailand – Hytaý Taýbeýi

 ***

4-nji tapgyr

14.10.2025 (sişenbe)

TÜRKMENISTAN – Şri-Lanka

Hytaý Taýbeýi – Tailand

 ***

5-nji tapgyr

18.11.2025 (sişenbe)

Şri-Lanka – Tailand

TÜRKMENISTAN – Hytaý Taýbeýi

 ***

6-njy tapgyr

31.03.2026 (sişenbe)

 Tailand – TÜRKMENISTAN

Hytaý Taýbeýi – Şri-Lanka

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi