DÜNÝÄ

Eýranyň medeniyet geňeşçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

Nawid Rasuli – Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet geňeşligi habar berýär.

Nawid Rasuli 4 ýyldan gowrak wagt bu wezipede işledi.

Ol işlän döwründe eýran – türkmen gatnaşyklary medeniýet pudagynda has-da gülläp ösdi. Birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde eýranyň tanymal şahsyýetlerine bagyşlanan çäreler ýokary derejede geçirildi.

Bu döwürde iki ýurduň bilelikde geçiren medeni çäreleri:

  • Abuseýit Abulhaýryň 1000 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat
  • Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikdäki ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisiniň hem-de hünär ussatlyk sapaklary
  • Türkmenistan bilen Eýranyň bilelikdäki 2-nji syýahatçylyk we amaly – haşam sungatynyň sergisi we konserti (geçen ýyl hem geçirildi)
  • Mary welaýatynda Ymam Ryza bagyşlanan halkara maslahat
  • Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynda miniatýura we altyn çaýmak sungatynyň ussatlyk sapaklary
  • Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Nawid Rasuli Türkmenistan tarapyndan geçirilýän medeni çärelere hem işjeň gatnaşdy. Türkmenistanda geçirilýän halkara festiwallara we olimpiadalara Nawid Rasuliniň ýolbaşçylygynda Eýrandan birnäçe ýokary okuw mekdepleri işjeň gatnaşdylar we baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Ýene-de okaň

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar

BMG: Afrika XXI asyryň ortalaryna iň ýaş yklym bolar

Saud Arabystanynyň Owganystandaky ilçihanasy işläp başlady

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi