BIZNES

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Eýranda giň möçberli maliýe özgertmeleri amala aşyrmak maksat edilnilýär. Şonuň netijesinde, milli pul birliginde görnetin üýtgetmeler giriziler.

Ýurduň Prezidenti Masud Pezeşkian ýurduň pul birligi bolan rialy denomirlemek boýunça kanun taslamasyny parlamentiň garamagyna hödürledi. Bu özgertmeleriň netijesinde, häzirki milli puldaky 4 nol aýrylyp, “rial” ady “tümen” bilen çalşylar.

Kanun taslamasyna laýyklykda, 1 tümen 10000 riala deňdir. Bu başlangyç 2019-njy ýylda ýurduň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanypdy.

Täze pul birligine geçiş döwri üçin 2 ýyllyk maksatnama kesgitlendi. Şol döwürde bazarda hem rial hem-de tümen ulanylar.

Mälim bolşy ýaly, tümen Eýranyň gadymy pul birliginiň adydyr.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti: «Nebitgaz pudagynda çig maly gaýtadan işleýän zawodlary gurmak zerur»

Ata Watan Eserleri

Uçýan ulaglaryň ýaryşy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Tebigy gaz gysga, orta we uzak möhletleýin şertnamalar esasynda ýerlener