BIZNES

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň “Yntymak-Ordo” binasynda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabineti bilen “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýol kompaniýasynyň arasynda maýa goýum şertnamasyna gol çekildi.

Maýa goýum şertnamasyna Gyrgyzystanyň ulag we kommunikasiýa ministri Absattar Syrgabaýew we “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýol kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Çžun Şenguý gol çekdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bu iri taslamanyň gurluşygyna 27-nji dekabrda girişiljekdigini habar berdi. Ol taslamanyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda strategik köpri boljakdygyny aýtdy.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin döredilen bilelikdäki kompaniýanyň paýynyň 51 göterimi Hytaýa, 24,5 göterimi degişlilikde Gyrgyzystan bilen Özbegistana degişlidir.

2024-nji ýylyň iýunynda demirýoluň gurluşygy boýunça üçtaraplaýyn şertnama gol çekilip, taslamanyň umumy bahasynyň 4 milliard 665 million dollara eýe boljakdygy bellenilýär.

Related posts

Birža täzelikleri: iňlis telekeçileri ECO-93 benzinini satyn aldy

Telekeçileriň taslamalary üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekiler

Ulaglarda ätiýaçlandyryş işi kämilleşdiriler

Ata Watan Eserleri