DÜNÝÄ

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Golaýda Özbegistanda geçirilen parlament saýlawlaryndan soňra täze parlament düzümi döredildi. Şeýle hem Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň başlygy wezipesinde Nuriddin Ismoilow gaýtadan saýlandy.

Özbegistanyň mejlisiniň kanun çykaryjy palatasynyň mejlisi geçirilip, onda Özbegistanyň Premýer-ministriniň dalaşgärligine garaldy.

Parlamentiň täze düzüminiň ilkinji mejlisine Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy. Özbegistanyň Prezidenti ýurduň Premýer-ministri wezipesine Abdulla Aripowyň dalaşgärligini hödürledi. Kanun çykaryjy palatasynyň deputatlary bu dalaşgäri goldadylar.

Deputatlar gizlin ses bermek arkaly Abdulla Aripowy ýurduň Premýer-ministri wezipesine saýladylar.

Şeýlelikde, Abdulla Aripow Özbegistanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanyp, mejlisde ýurduň Hökümetiniň ýakyn we uzakmöhletleýin hereketleriň meýilnamasy barada durup geçdi.

Şeýle hem mejlisde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan soňky 5 ýylda gazanylan üstünlikler beýan edildi. Şol döwürde ýurduň ykdysadyýeti taryhy sepgide 100 milliard dollara ýetdi. Ilatyň jan başyna düşýän girdejisiniň 3 müň dollara ýetimegine garaşylýar.

Ýurduň eksporty 2 esse artyp, ilkinji gezek 25 milliard dollardan geçdi, daşary ýurt maýa goýumlaryny özleşdirmegiň möçberi 6 esse artdy we bu hem 1.5 million ýokary hak tölenýän iş orunlarynyň döremegine getirdi.

Soňky 3 ýylda umumy kuwwatlygy 2.7 million kilowat-sagada deň bolan 10sany iri Gün we ýel stansiýalary ulanmaga berildi.

Şu nukdaýnazardan, Prezident Mirziýoýew 2025-nji ýyly “Daşky gurşawy goramak we ýaşyl ykdysadyýet” ýyly hökmünde yglan etmegi teklip etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy