DÜNÝÄ

Laos Durnukly ulag boýunça dostlar toparyna goşuldy

Laos Halk-Demokratik Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda döredilen Durnukly ulag boýunça dostlar toparyna goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçildi.

Toparyň nobatdaky 3-nji duşuşygy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda wideomaslahat esasynda geçirilipdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag üçin dostlar topary (GFST) 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 90-dan gowrak wekiliniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan döredildi. Bu topar, BMG-a agza döwletleriň resmi däl birleşmesi bolup, durnukly ulagyň ähmiýetine düşünmekligi we dünýä, sebit we milli derejede bu ugurda pikirleri we öňdebaryjy tejribäni paýlaşmagy maksat edinýär.

Related posts

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistan ile Japonya arasında eğitim işbirliği

vepa

Kongo bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy