JEMGYÝET

Türkmenistanda Hasyl toýy uludan tutuldy

Ýurdumyzda türkmen topragynyň sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Garagum derýasynyň kenarynda gurnalan ýörite meýdançada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Açyk asmanyň astynda oba hojalygynda we gaýtadan işleýän senagatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Onda ahalteke bedewlerini, türkmen alabaýlaryny, gözel tebigatymyzy wasp edýän amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli şaý-sepler görkezildi.

Ýörite ýasalan özboluşly gowaça we galla meýdanlarynyň ýanynda ekerançylykda ulanylýan häzirki zaman tehnikalarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Onda daýhanlaryň yhlasly zähmetine ýardamçy bolýan kuwwatly kombaýnlar, ekinlere ideg etmekde ulanylýan traktorlar, ýöriteleşdirilen tehnikalar we enjamlar hatara goýlupdyr. Bu tehnikalaryň kömegi bilen her ýyl bugdaýyň, «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirilýär.

Soňra Hasyl toýy mynasybetli, oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize 2021-nji ýylda doglan, Keremli atly mele reňkli ajaýyp ahalteke bedewini sowgat bermek dabarasy boldy.

Ýene-de okaň

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi