BIZNES

Türki Döwletleriň Guramasynyň Merkezi banklarynyň geňeşi döredilýär

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň 11-nji sammitiniň çäklerinde “Türki Döwletleriň Guramasynyň agza döwletleriniň Merkezi banklarynyň geňeşini döretmek hakynda” ähtnama gol çekildi.

Gyrgyzystanyň Milli bankynyň habar bermegine görä, ähtnama Gyrgyzystanyň Milli bankynyň başlygy Melis Turgunbaýew, Azerbaýjanyň Merkezi bankynyň başlygy Taleh Kýazymow, Gazagystanyň Milli bankynyň başlygy Timur Suleýmanow, Türkiýäniň Merkezi bankynyň başlygy Fatih Karahan we Özbegistanyň Merkezi bankynyň başlygy Mamarizo Nurmuratow gol çekdi.

Guramanyň Merkezi banklarynyň (milli) geňeşiniň döredilmegi bank edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, pul-karz syýasaty boýunça bilelikdäki barlaglary we geňeşmeleri geçirmäge, maliýe durnuklylygy üpjün etmäge, töleg ulgamyny we maliýe tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi