SPORT

“El-Klasiko”: “Barselona” topary “Realy” 4:0 hasabynda utdy

Düýn Ispaniýanyň milli çempionatynda 11-nji tapgyryň esasy duşuşygy geçirildi. Onda “Real Madrid” bilen “Barselona” duşuşdy.

“El-Klasiko” ady bilen tanalýan bu duşuşyk “Barselona” topary myhmançylykda esasy bäsdeşi “Real Madrid” toparyny 4:0 hasabynda utdy. Bu duşuşykda Robert Lewandowski iki gezek tapawutlandy, şeýle hem Lamin Ýamal we Rafinýa tapawutlanmagy başardy.

“Barselonanyň” ýaş futbolçysy Lamin Ýamal “El-Klasiko” duşuşygynda tapawutlanan iň ýaş futboly boldy. Ol “Realyň” derwezesinden 17 ýaş 105 gün diýlende tapawutlady. Mundan ozalky rekord, Ansu Fatä degişli bolup, ol 17 ýaş 359 günde tapawutlanypdy.

Çempionatda 11 tapgyrdan soňra 10 gezek ýeňiş gazanyp, 1 gezek utulan “Barselona” topary 30 utuk bilen birinji orunda barýar. Onuň esasy garşydaşy “Real Madrid” topary 8 gezek utup, 3 duşuşykda deňme-deň oýnap, 24 utuk bilen ikinji orunda barýar.

1902-nji ýylda bu iki toparyň ilkinji özara duşuşygyndan bäri hem ispan milli çempionatynda hem-de halkara ýaryşlarda toparlar 258 gezek duşuşdy.

2024-nji ýylyň 4-nji awgustdaky ýagdaýa görä, “Real” 105 duşuşykda, “Barselona” 102 duşuşykda ýeňiş gazandy. 52 duşuşyk bolsa, deňme-deň tamamlandy.

“Madrid” topary 1902-nji ýylda doganlar Padros we Hulian Palasios tarapyndan döredildi. 1920-nji ýylda Ispaniýanyň Patyşasy topar Şa kluby derejesini berdi. Ol hem ispan dilinde “Real” manysyny berýär. Şondan bu toparyň häzirki ady “Real Madrid” gelip çykýar.

Ispaniýanyň Kataloniýa welaýatynda professional futbol topary “Madrid” toparyndan 3 ýyl öň döredilýär. Toparyň esaslandyryjysy Žoan Gamper ony sebitiň paýtagtynyň hormatyna “Barselona” diýip atlandyrýar.

“El-Klasiko” duşuşyklarynda iň köp gol geçiren 18 gol bilen Lionel Messidir. Bu duşuşyklarda iň köp oýnan futbolçy Serhio Busketsdir. Ol 48 gezek “El-Klasikoda” çykyş etdi.

Ýene-de okaň

Ýewropada derbi hepdesi: şu gün “El-Klasiko” gijesi

Mançini Saud Arabystanynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Lionel Messi duşuşyga kamera bilen çykar

NBA-da ataly ogullaryň ilkinji duşuşygy geçirildi

Türkmenistan Halkara Tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekişer

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyna taýýarlanýar