JEMGYÝET

Türkmenistanda 29-njy gezek nebitgaz forumy başlady

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Bu iri halkara forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza 51 döwletden wekiliýetler geldi. 29-njy gezek geçirilýän nebitgaz forumynyň guramaçylary hökmünde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy çykyş etdi.

Şu gün irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024» atly halkara sergisi geçirildi. Oňa dünýäniň ençeme ýurdundan 200-den gowrak kompaniýa gatnaşdy. Olaryň arasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon Oil”, “ADNOC”, Türkiýäniň “Çalık Enerji”, “Rönesans”, “İlk İnşaat”, Tatarystanyň “Tatneft”, Malaýziýanyň “Petronas”, Hytaýyň CNPC bilen bir hatarda köp sanly kompaniýalary, şeýle hem Günorta Koreýanyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň, Ýewropa döwletleriniň kompaniýalary gatnaşýar.

Halkara nebitgaz forumy Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynyň okalmagy bilen başlady. Ýurdumyzyň durnukly ykdysadyýetine bolan ynam daşary ýurt işewürlerinde geljegi uly taslamalara maýa goýumlary gönükdirmek islegini döredýär. Şu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn, diýip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilip geçilýär.

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Halkara forumyna gatnaşýan wekiliýetleriň arasynda goňşy Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow hem bar.

Serginiň açylyş dabarasyndan soňra myhmanlar halkara we ýerli kompaniýalaryň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Sergä ozal gatnaşyp gelýän kompaniýalar bilen bir hatarda ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bar. Olaryň aglabasy nebitgaz pudagynda iş alyp barýan bolsa, köpüsi bu ugra degişli önümçilikleri amala aşyrýarlar. Turba geçirijiler, uglewodorod aýatklaryny özleşdirmek, gözlemek babatda iş alyp barýan kompaniýalaryň bolmagy geljegi uly türkmen bazaryna daşary ýurt kompaniýalarynyň gyzyklanmasynyň uludygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň energetika ministrleriniň duşuşygy

Si Szinpin: hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin

Gazagystan TOPH taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary ABŞ-da gulluk iş saparynda bolar

Türkmenistan we Yrak tebigy gaz boýunça möhüm ylalaşyga gol çekişdi

Magtymguly Pyragynyň ýubileýi boýunça döredijilik işgärleri sylaglanar