JEMGYÝET

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary tamamlandy. Ozal habar berşimiz ýaly, belent mertebeli 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirdi.

Şol gepleşikler ulag ulgamy bilen bir hatarda oba hojalygy, syýahatylyk, medeniýet we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.

Mongol Lideri 10 – 13-nji oktýabrda Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Şeýle hem beýleki daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlar bilen paýtagtda geçirilen, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly wekilçilikli halkara foruma gatnaşdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

12-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňelmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda ösdürilmegine gönükdirilen halkara çäresine öwrüldi. Şol gün Magtymguly adyndaky türkmen milli sazly drama teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi