DÜNÝÄ

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu onuň Türkmenistana ilkinji döwlet saparydyr.

Mongol Lideriniň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, şu gün iki ýurduň arasynda giňeldilen düzümdäki gepleşikler we metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etmek tamamlanansoň, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

Soňra bu ýerde ýerleşýän «Hormatly myhmanlar» seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Related posts

2024-nji ýylda dünýä ilaty 82 million adam köpeldi

Kembrij onlaýn kitaphanasyny dünýä jemgyýetçiligine açdy

Ata Watan Eserleri

ABŞ bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda resminama gol çekildi