MEDENIÝET

“Forbes”: Teýlor Swift dünýäniň iň baý zenan aýdymçysy

Meşhur amerikaly aýdymçy Teýlor Swift dünýäniň iň baý zenan aýdymçysy boldy. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär.

Onuň baha bermegine görä, Swiftiň baýlygy 1.6 milliard dollara deň bolup, 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndaky görkezijä görä, 500 million dollar köpdür.

“Forbes” žurnaly amerikaly aýdymçysynyň 2023-2024-nji ýyllarda “The Eras Tour” ady bilen dünýäniň dürli künjeginde geçiren konsertleriniň oňa oňat netijeler gazandyrandygyny belledi.

Şeýle hem žurnalyň habar bermegine görä, Swiftden soňra ikinji orunda Rianna barýar we bu aýdymçynyň baýlygy 1.4 milliard dollara barabardyr. Üçünji orunda bolsa, ýene-de bir meşhur aýdymçy Madonna bolup, onuň baýlygy 850 million dollara deňdir.

Related posts

178 gün dowam eden şekilli aýdym

“MTV Video Music Awards 2020” baýraklary

Milan ýene-de sungat bilen duşuşýar