JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana hem-de ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki döwürde öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen durmuşyň ähli ugurlarynda ynamly öňe barýandygyny, bu şanly baýramy durmuş-ykdysady ösüşdäki, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdaky, halkara giňişlikde abraýyny berkitmekdäki uly üstünlikler bilen garşylaýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletleýin we strategik häsiýetli gatnaşyklaryň düýpli işjeňleşdirilendigini, täze mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny nygtap, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň umumy bähbitler üçin mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär