DÜNÝÄ

Çehiýanyň işewür wekiliýeti oktýabr aýynda Aşgabatda saparda bolar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Çehiýanyň daşary işler ministri Ýan Lipawski bilen duşuşygy boldy.

Syýasy we diplomatik taýdan iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky äthanama we hyzmatdaşlyk maksatnamasyny işläp düzmek barada ylalaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn gatnaşyklar babatynda parlamentara gepleşikleriň roly bellendi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Çehiýanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň Türkmenistana boljak saparynyň ähmiýeti nygtaldy.

Söwda we ykdysady özara gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar bu ugurda bar bolan mümkinçiliklere esaslanyp, gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini bellediler.

Taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn türkmen-çeh iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar. Şeýle hem, söwda we ykdysady işjeňlige itergi bermek nukdaýnazaryndan Çehiýanyň işewür wekiliýetiniň oktýabr aýynda Aşgabat şäherine boljak saparynyň ähmiýeti bellendi.

 

Ýene-de okaň

Brýusselde Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy