SPORT

«Altyn Asyr» topary Bagdatda ilkinji halkara duşuşygyny geçirdi

Aşgabadyň «Altyn Asyr» futbol topary düýn, 18-nji sentýabrda AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýaryşyň birinji tapgyrynda türkmen topary Yragyň «Eýr Fors» toparynyň myhmany boldy.

Bagdat şäherinde geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 2:1 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy. Gollaryň üçüsi hem ikinji ýarymda geçirildi. Ýöne 39-njy minutda türkmen toparynyň Hoşgeldi Hojowow bilen gola ýakyn gelendigini nygtamak gerek. Emma top derwezeden has sowa geçdi.

«Eýr Forsuň» ikinji ýarymynyň başynda Karlos Salazaryň geçiren goly bilen öňe saýlanandygyna garamazdan, «Altyn Asyr» oýny elden bermedi. Toparyň derwezeçisi Batyr Babaýew bolsa duşuşygyň bütin dowamynda howply urgularyň birnäçesini ussatlyk bilen gaýtarmagy başardy.

Oýnuň 70-nji minudyny «Altyn Asyryň» tejribeli oýunçysy Myrat Annaýewiň owadan goly bezedi. Garşydaşyň ýarym meýdançasyndaky Ahmet Ataýew ― Söhbet Durdyýew paslaşygyndan soň kapitan topy sag gyradan öňe okdurylan Hoşgeldi Hojowowa geçirdi. Ol bolsa jerime meýdançasynyň alkymynda garşydaşyň iki goragçysynyň arasynda duran Myrat Annaýewe ussatlyk bilen topy berdi. Myrat Annaýew iki goragçyny hem aldap, derwezä owadan urgy etdi. Top ilki derwezäniň ýokarky diregine degip, ondan hem derwezäniň içine girdi.

Bu goldan 19 minut soňra «Eýr Fors» «Altyn Asyryň» derwezesinden ikinji goly hem geçirdi. 91-nji minutda «Altyn Asyra» hasaby deňlemäge mümkinçilik döredi. Garşydaş toparyň goragçylary jerime meýdançasynyň içinde Mihail Titowy ýykdylar. Ýöne emin bu oýun pursady üçin 11 metrlik jerime urgusyny bellemedi. 96-njy minutda bolsa Döwletgeldi Mirsultanow meýdanyň sag gyrasyndan hüjüme sary bat alan garşydaş toparyň oýunçysyny ýykandygy üçin meýdandan çykaryldy.

Toparçanyň ugurdaş duşuşygynda Saud Arabystanynyň «Al-Tawun» topary myhmançylykda Bahreýniň «Al-Haldiýasyny» 3:2 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, «B» toparçada birinji tapgrydan soň «Al-Tawun» bilen «Eýr Forsuň» 3 utugy bar. «Al-Haldiýa» bilen «Altyn Asyrda» bolsa heniz utuk ýok.

AFC Champions League Two 2024-25 ― «B» toparça:

1-nji tapgyr, 18.09.2024ý.

«Eýr Fors» (Yrak) ― «Altyn Asyr» (Türkmenistan) ― 2:1.

[0:1] – 50′ Karlos Salazar

[1:1] – 70′ Myrat Annaýew

[2:1] – 88′ Hiran Ahmed

Duýduryşlar:

31′ Batyr Babaýew («Altyn Asyr»)

72′ Myrat Annaýew («Altyn Asyr»)

82′ Abdyrahman Annamyradow («Altyn Asyr»)

84′ Ruslan Täjiýew («Altyn Asyr»)

Meýdandan çykarylan:

90’+6 Döwletgeldi Mirsultanow («Altyn Asyr»)

Duşuşygyň emini: Ahmed Faisal Al-Ali (Iordan Haşemit Patyşalygy)

Geçirilen ýeri: «Al-Madina» halkara stadiony (Bagdat ş. Yrak)

Ýene-de okaň

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy