DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Burhanettin Duran 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda duşuşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky häzirki ýagdaýy we geljekde özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň arasyndaky syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyrylmagyna taraplaryň özara ygrarlydygy nygtaldy.
Şeýle hem, taraplar dürli ugurlarda işjeň ösýän özara hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depginlerinden taraplar çuňňur kanagatlanma bildirip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga bolan bilelikdäki isleglerini aýratyn nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy