DÜNÝÄ

Türkmenistan Braziliýa gutlag hatyny iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonarua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Braziliýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Žair Bolsonarua berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Bäsleşik: lukmançylyk enjamlaryny satyn almak

Related posts

Türkmenistan-ABŞ: migrasiýa hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Eýranyň Prezidenti Russiýa barýar

Ata Watan Eserleri

Ýapon kompaniýasyndan Türkmenistana hyzmatdaşlyk teklipleri