IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: lukmançylyk enjamlaryny satyn almak

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi. 

Lot № 44 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 45 — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Saglygy goraýyş edaralary üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

 

Jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär

Related posts

Halkara Bäsleşik:Ga­raş­syz au­dit bar­la­gy

Bäsleşik: çiller enjamyny satyn almak we gurnamak

ÝUNISEF: işe alýar

Ata Watan Eserleri