SPORT

Mergen Orazow bilen Roberto Martinez duşuşdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow şu günler Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Martineziň ýanynda iş tejribeligini geçýär. Türkmenistanly hünärmen düýn milli ýygyndynyň Milletler ligasynyň birinji tapgyrynyň çäginde Horwatiýanyň ýygyndysy bilen geçiren duşuşygyna (2:1) hem gatnaşdy.

Lissabon şäherindäki türgenleşikleriň netijesinde Mergen Orazow tälimçiler bilen söhbetdeş bolup, tejribe alyşýar. Hususan-da, ol Roberto Martinez bilen bolan söhbetdeşligiň özi üçin iňňän peýdaly bolandygyny aýtdy.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçiniň Portugaliýadaky iş tejribeligi 10-njy sentýabra çenli dowam eder. Şoňa çenli ol ýygyndynyň Şotlandiýanyň ýygyndysy bilen geçirjek duşuşygyna hem gatnaşmaga ýetişer.

Bu iş tejribeligi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň AFK we UEFA bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçirilýär.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy