DÜNÝÄ

“Russiýa-Merkezi Aziýa” formatyndaky ikinji sammite taýýarlyk görülýär

Russiýa Federasiýasy “Russiýa-Merkezi Aziýa” görnüşinde (Gazagystan. Gyrgyzystan. Täjigistan. Türkmenistan. Özbegistan) ikinji sammite geçirmek üçin taýýarlyk görýär. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Halkara gatnaşyklar boýunça Moskwa döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi.

– Birnäçe ýyl mundan ozal döredilen “Russiýa-Merkezi Aziýa” görnüşindäki dialogyň birinji sammiti geçirildi. Birnäçe gezek ministrler derejesinde duşuşyklar guraldy. Häzikri wagtda ýokary derejede ikinji sammiti geçirmäge taýýarlyk görýäris – diýip. Lawrow belledi.

Lawrowyň bellemegine görä, “Merkezi Aziýa +” görnüşinde birnäçe görnüşleriň bardygyna ünsi çekip, “Merkezi Aziýa-ABŞ”, “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi”, “Merkezi Aziýa-Germaniýa”, “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa”, “Merkezi Aziýa-Hindistan”, “Merkezi Aziýa-Koreýa” ýaly görnüşleri mysal getirdi.

Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Russiýanyň Merkezi Aziýa bilen bäştaraplaýyn geňeşmeler guralyny goldaýandygyny aýdyp, Merkezi Aziýanyň özbaşyna hem bäştaraplaýyn konsultatiw duşuşyk guralyny döredendigini belledi.

“Russiýa-Merkezi Aziýa” görnüşindäki ýokary derejedäki ilkinji sammit 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy