TEHNOLOGIÝA

“iPhone 16 Pro” Hindistanda öndüriler

“Apple” kompaniýasy ” iPhone 16 Pro” kysymly smartfonlarynyň önümçiligini bölekleýin esasda Hytaýdan Hindistana geçirmegi meýilleşdirýär. Telefonlaryň bu modeli Hytaýda öndürilmedik modelleriň biri bolar.

“Bloomberg” neşiriniň “Foxconn India” kompaniýasyna salgylanyp berýän habaryna görä, sentýabr aýynda ” iPhone 16″ kysymly smartonlaryň tanyşdyrylyş çäresi geçirilenden soňra önümçiligi Hindistanda ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Hindistanda “iPhone” kysymly telefonlaryň 14 göterimi öndürilýär. “Apple” kompaniýasy Hindistandaky önümçiligini 25 göterime ýetirmegi meýillşdirýär.

“iPhone 17” kysymly telefonlaryň ählisiniň diňe Hindistanda öndüirlmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi