DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Özbegistanda we Gazagystanda saparda bolar

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Özbegistanda resmi saparda bolar. Bu barada “The Japan Times” neşiri habar berýär.

9-12-nji awgust aralygynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Gazagystanda we Mongoliýada hem saparda bolar. Gazagystanda Ýaponiýanyň hökümet başlygy Merkezi Aziýanyň Prezidentleri bilen duşuşar.

Neşiriň bellemegine görä, bu saparyň esasy ugurlarynyň biri Merkezi Aziýa döwletlerine goşmaça ykdysady kömekleri bermekden ybarat bolar. Saparyň çäklerinde Hazar deňziniň üsti bilen täze söwda ýoluny döretmek babatda pikir alşylar we bu söwda ýoly Merkezi Aziýa döwletlerine Ýewropa sebitine täze eksport ugruny açar.

Ýaponiýa öz tehnologiýasyny we maliýe serişdelerini sebitiň tebigy gaz gaýtadan işlemek taslamalarynda ulanmak, şeýle hem Merkezi Aziýadan ýokary hünärli hünärmenleri kabul etmäge gönükdirmegi maksat edinýär.

Ýene-de okaň

«Artyk» gümrük nokadynda türkmen-eýran duşuşygy

Eýranyň Prezidenti Russiýa barýar

Türkmenistan “Aquatech Amsterdam 2025” halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyryldy

Türkmenistan energetika mowzukly halkara seminara gatnaşdy

Ýewropa Bileleşiginiň komissarynyň Aşgabada sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi