SPORT

Lebron Jeýms Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji milliarder türgeni

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň baýdak göterijisi Lebron Jeýms Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndaky ilkinji milliarder türgen boldy.

“Los-Anjeles Leýkers” toparynyň hüjümçisi we ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň agzasy Lebron Jeýms tomusky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň baýdak göterijisi bolup çykyş etdi.

Şeýlelikde, ol Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň baýdak göterijisi hökmünde saýlanyp alnan Milli basketbol assosiasiýasynyň ilkinji amerikaly türgenidir.

Şol bir wagtda ol Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan ilkinji milliarder türgen boldy.

Mälim bolşy ýaly, Lebron baýdak göteriji hökmünde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan beýleki türgenleriň arasynda geçirilen ses bermek arkaly saýlanyp alyndy.

Lebron Jeýms 2 gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony we Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesidir.

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler