MEDENIÝET

“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçylary belledi.

Hususan-da, «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine S.Begenjow bellenildi. Bu ýaýlymyň öňki başlygy M.Rejepow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy bilen, Ş.Purmämmedow «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu teleradioýaýlymyň başlygy wezipesine Ý.Kasymow bellenildi.

Related posts

Eýranyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Gyzyl we gök daglaryň rowaýaty…

Ilon Maskyň durmuşy barada film surata düşüriler