SIZDEN GELENLER

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini ylmy taýdan çuňňur öwrenmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda geçmiş taryhymyzy, onuň tanymal wekillerini öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär, ösüp gelýän ýaş nesilleriň halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhyny, müňýyllyklara uzaýan nusgawy däp-dessurlarymyzy öwrenmekleri we mynasyp dowam etdirmekleri üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar.

Berkarar Watanymyzyň durmuşyndaky şöhratly wakalar medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli zähmete, belent maksatlara, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesinden gelip çykýan aýdyň maksatlary kämil sungat hem-de döredijilik eserleri, aýdym-sazlar arkaly çeper wasp etmek, halkymyzy giň gerimli işlere ruhlandyrmak medeniýet-sungat işgärleriniň mukaddes borjudyr.

Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarymyzda her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli yzygiderli geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi-de türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýram ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirildi.

Milli medeniýet halkyň taryhyny we şu gününi, dünýägaraýşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli medeniýetimizi ösdürmek we onuň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak babatda uly işler alnyp barylýar. Şunda gözel paýtagtymyz Aşgabatda gurlan Medeniýet şäherçesi we uly sport ýaryşlary bilen halklary has-da ýakynlaşdyrýan Olimpiýa şäherçesi, Arkadag şäheriniň täsinligi, ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi, täze gurlan teatrlardyr muzeýler, täsin seýilgähler we gojaman Hazaryň kenaryndaky akylyňy haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün mähriban halkymyzyň gözel kalbynyň owazyny, dünýägaraýşyny, ruhy baýlygyny özleriniň ajaýyp keşbi, gözelligi, myhmansöýerligi, şanly wakalary bilen äleme äşgär edýär.

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň baý medeniýetini dana şahyrymyz Magtymguly Pyragysyz göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Üstümizdäki ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toý-dabaralary dünýä ýaň salýar. Bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi.

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň hiç wagt gymmatyny ýitirmeýän edebi mirasy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet-galamyndan çykan eserler munuň anyk subutnamalarydyr. Şeýle eserleri hemişelik hemra edinen, ruhy taýdan sagdyn, kämil ynsan jemgyýetiň bezegidir. Olar bilen geçilmejek menzil, ýetilmejek sepgit ýokdur. Şonuň üçin hem berkarar Diýarymyzda medeniýetiň, sungatyň ösmegine, kämilleşmegine, baýlaşmagyna aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen medeniýet, sungat köprüsini gurup, dost-doganlyk, hoşniýetli, ynsanperwer gatnaşyklary ýaýbaňlandyrýar.

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ösüşine kitaphanaçylyk işiniň hem ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda kitaphanaçylyk işine aýratyn ähmiýet berlip, ýurdumyzyň kitaphanalary döwrebap derejede hereket edýär. Kitap her bir adama durmuşda öz ornuny tapmaga, halallyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini hemra edinmäge ýardam berýär. Kitap okap, onda öňe sürülýän paýhasly pikirlerden ugur alyp bilýän adamlar sowatly ynsanlar hasaplanýar. Kitap ynsan ömrüni manyly we abraýly günlere besleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň merkezi kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphana ulgamynyň döredilmegi, kitaphana işlerine dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy bu ulgamyň işini kämilleşdirdi.

Kitaphanalarda elektron kitaphana ulgamynyň döredilmegi okyjylaryň sanynyň artmagyna, halkymyzyň neşir önümlerine, dürli habarlara bolan isleglerini yzygiderli kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar watandaşlarymyzyň kitap okamaga bolan islegi has-da artýar. Dana Pyragynyň dürdäne goşgularynda kitap bilen baglanyşykly paýhasly setirleriň bolmagy kitabyň nusgawy edebiýatymyzda aýratyn orny eýeleýändigini anyk subut edýär.

Ýakynda akyldar şahyryň goşgulary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly täze kitabyň neşir edilmegi bolsa, agzybir halkymyzy has-da begendiren şatlykly wakalaryň biri boldy.

Milli medeniýetimizi we sungatymyzy, dana Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen edebi mirasyny dünýä ýaýyp, ruhy-medeni baýlygymyza buýsanjymyzy artdyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

 Aýgül Adaýewa,

Türkmen döwlet medeniyet we sungat mekdebinin Kitaphanaçylyk işi bölüminiň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry