SPORT

Ronaldo bilen Mbappe 1/4 finalda garşydaş boldy

Ýewropa çempionatynda 1/8 final duşuşyklary tamamlanyp barýar. Düýn gyzykly duşuşyklaryň 2-si boldy. Onda Fransiýa Belgiýany 1:0 hasabynda utup, 1/4 finala çykdy. Bu duşuşykda Belgiýanyň goragçysy Ýan Wertongen öz derwezesine gol geçirdi.
1/8 finalyň ikinji duşuşygynda bolsa, Portigaliýa bilen Sloweniýa duşuşdy. Duşuşygyň esasy 90 minuty 0:0 hasabynda tamamlandy. Goşmaça 30 minut berildi. Şol goşmaça wagtda Sloweniýanyň derwezesine 11 metrlik jerime urgusy bellendi. Portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo 11 metrlik jerime urgusynyndan peýdalanmak isledi, ýöne slowenleriň derwezeçisi Ýan Oblak muňa rugsat bermedi.
120 minut tamamlanyp, ýeňijini 11 meterlik jerime urgulary kesgitledi. Slowenleriň 3 futbolçysy 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Portugallaryň 3-si hem gol geçirip, Portugaliýany 1/4 finala çykardy.
Şeýlelikde, 5-nji iýulda sagat 00:00-da Ronaldoly Portugaliýa bilen Mbappeli Fransiýa 1/4 finalda duşuşar.

Related posts

Türkmenistanly türgen ilkinji 3-likde barýar

Ata Watan Eserleri

Döwletjan Ýagşymyradow Simon Biýong bilen tutluşyga çykar

Türkmen samboçylary Aziýa çempionatynyň ilkinji gününde 6 medal gazandy