JEMGYÝET

Nikaragua Türkmenistana ilkinji ilçisini belledi

2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Tatýana Daniela Garsia Silwadan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ilçi Türkmenistan bilen Nikaragua Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Ýene-de okaň

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy