BIZNES

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Taýlanddaky foruma gatnaşdy

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Taýland Patyşalygynyň Pattaýa şäherinde geçirilen Aziýa we Ýuwaş Umman sebitinde awtonom gämiçilik bilermеneler toparynyň maslahatyna gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar awtonom gämiçilik pudagynyň ösmeginde ýüze çykýan  meselelere seredip, bu babatynda tejribeler alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar dürli ýurtlaryndan gatnaşyjylar halkara konwensiýalaryň talaplaryny ýerine ýetirmekde, gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almakda özleriniň işleri we tejribeleri bilen tanyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda gämi gurluşygynda täze awtonom tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly olaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylar awtonom gämi gatnawyny ösdürmek üçin sebitleýin taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem, Pattaýa portlarynyň işi bilen tanyşdylar.

Saparyň dowamynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri dürli port terminallarynda tanyşdyryş çärelerine we «Laem Chabang» portunda geçirilen söhbetdeşliklere gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar