BIZNES

Aşgabat-Daşkent: söwda öýleri açylar

Mary welaýatynda iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanda we Özbegistanda bilelikdäki söwda öýlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Iki ýurduň çäginde söwda öýleriniň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşyga laýyklykda, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynda aýdyň görkeziji bolup durýandygyny nygtady. Biziň ýurtlarymyz uly senagat kuwwatyna eýedirler. Biz entek möhüm ähmiýetli taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirmelidiris. Şol taslamalaryň amala aşyrylmagy bolsa halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere Aşgabatda hem-de Daşkentde söwda öýlerini açmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar