SPORT

Kopa Amerika başlaýar: Messi meýdança çykýar

Üstümizdäki ýylyň tomus pasly iri sport ýaryşlaryna baý boldy. Häzirki günlerde Germaniýada futbol boýunça Ýewropa çempionaty dowam edýär. Ertir, bolsa ummanyň beýleki tarapynda Kopa Amerika ýaryşy başlanýar. Bu futbol bäsleşigi Amerika yklymynyň iri hem-de dünýäniň iň gadymy ýaryşy hasaplanýar.

21-nji iýunda başlaýan Kopa Amerika 15-nji iýulda tamamlanýar. Ilkinji duşuşykda Lionel Messili Argentinanyň ýygyndysy meýdança çykýar.

Argentina bilen Kanadanyň arasyndaky ilkinji duşuşyk bilen Kopa Amerika başlaýar.

Bu ýaryşyň pul baýragy 72 million dollar. Her bir gatnaşyjy ýurt 2 million dollar alar. Indiki tapgyra çykan ýurda ýene-de şonça, ýagny 2 million dollar berler. Dördünji orny eýelän ýygyndy 4 million dollar, 3-nji orny eýelän 5 million dollar, ikinji orny eýelän bolsa, 7 million dollar gazanar. Ýeňijiniň baýragy 10 million dollar we kubok.

Bu ýaryşa 16 ýurduň milli ýygyndysy gatnaşyp, olar 4 toparça bölündi.

“A” toparça: Argentina, Peru, Çili, Kanada

“B” toparça: Meksika, Ekwador, Wenesuela, Ýamaýka

“Ç” toparça: ABŞ, Urugwaý, Panama, Boliwiýa

“D” toparça: Braziliýa, Kolumbiýa, Paragwaý, Kosta-Rika

Her toparçadan 2 ýygyndy indiki tapgyra çykar.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady