SPORT

Mbappe – Ýewropanyň iň gowy futbolçysy

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hem-de milli ýygyndynyň hüjümçisi Kilian Mbappe “Globe Soccer Awards” tarapyndan Ýewropanyň iň gowy futbolçysy hökmünde saýlandy. Merkezi Dubaýda ýerleşýän “Globe Soccer Awards” tarapyndna her ýyl futbol boýunça uly üstünlik gazananlar sylaglanýar.

Mbappe Ýewropanyň iň gowy futbolçysy baýragy ugrundaky bäsleşikde Jud Bellingem, Filip Foden, Antuan Grizmann, Seru Girassi, Erling Holand, Garri Keýn, Lautaro Martines, Rodri, Mohamed Salah, Bernardo Silwa we Winisius ýaly futbolçylardan öňe saýlandy.

Kilian Mbappe şu möwsümde ähli ýaryşlarda 48 duşuşykda oýnap, 44 gol geçirdi. Ol “PSŽ” topary bilen Fransiýanyň çempiony boldy hem-de Fransiýanyň kubogyny gazandy.

Täze möwsümde Kilian Mbappeniň “Real Madrid” toparynda çykyş etmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady