Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli saglygy goraýyş ulgamy döwrebaplaşdyrylýar we bu ugurda belent sepgitlere ýetilýär. Eziz Watanymyzda häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda gurlan we gurulýan häzirki zaman hassahanalary we bejeriş-anyklaýyş merkezleri ilatymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlary hödürleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi ýurdumyzda ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge ýardam edýär.
Il saglygyny goramakda we pugtalandyrmakda durmuşa geçirilýän tutumlarda oňyn netijeleri gazanmakda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda bu babatda uly sepgitlere ýetildi. Sport desgalary, mekdepleri sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň, aýratynam ýaş nesillerimiziň arzyly ýerlerine öwrüldi. Türkmen türgenleriniň dürli derejeli halkara ýaryşlarda öňdäki orunlary eýelemekleri hem şeýle hakykatyň subutnamalarydyr.
Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Geçen ýylyň dowamynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi we onuň düzüminde köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi we saglyk öýi ulanmaga berildi.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmäge, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Häzirki döwürde milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseri lukmanlar hem-de ýurdumyzyň raýatlary üçin uly gollanma bolup durýar. Bu ajaýyp kitap diňe bir saglygy goraýyş işgärleri, mugallymlar üçin däl-de, eýsem, ähli ildeşlerimiz üçin hem gymmatly gollanmadyr. Çünki saglyk ynsanyň baş baýlygydyr.
Ynsan saglygyny berkitmekde tebigatyň gymmatly baýlyk bolup durýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Esasan hem türkmen tebigatynyň ösümlikleri ynsan saglygyna has-da oňat täsir edýär. Şonuň üçin hem ösümlik dünýäsiniň ylmy esasda öwrenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XV jildinde hem dermanlyk ösümlikler barada ylmy nukdaýnazara esaslanýan maglumatlar berilýär. Bu bolsa ajaýyp kitabyň alymlar üçin gymmatly gollanmadygyny aýdyň beýan edýär.
Eziz Diýarymyzda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda hem uly netijeler gazanyldy. Bu ugurlar sagdyn nesilleri kemala getirmek, ynsan saglygyny has-da berkitmek bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, aýratyn-da, eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen jemgyýetinde howandarlyga mätäç çagalaryň üns-alada bilen gurşalýandygyny, olaryň sagdyn ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär.
Goý, abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň berk binýady bolan saglygymyz barada uly alada edýän, möhüm ähmiýetli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Göwher Ylýasowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.