JEMGYÝET

Kaliforniýa uniwersitetiniň ALSA-nyň Prezidentligine Türkmenistanly hukukçy saýlandy

Dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Kaliforniýa uniwersitetiniň Dawis Hukuk fakultetiniň çäginde hereket edýän ALSA (Advanced Legal Scholars Association) bileleşiginiň Prezidenti wezipesine şol fakultetde magistrlik derejesi üçin bilim alýan Türkmenistanly hukukçy Dr.Döwran Orazgylyjow saýlandy.

Bu abraýly edaranyň indiki döwür üçin Prezidenti wezipesi üçin saýlawlar 2024-nji ýylyň 19-nji Aprelinde geçirildi. Saýlawlardan öň kandidatlar täze döwürde özleriniň saýlawçylaryna ýerine ýetirmek isleýän taslamalary barada çykyş etdiler. Soňra ses berişlige geçildi we sesleriň iň köp möçberini alan Dr.Döwran Orazgylyjow täze döwür üçin ALSA-nyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

ALSA-nyň Konstitutsiýasyna laýyklykda, täze saýlanan Prezident özüniň adminstrasiýasyny adminstrasiýa bildirmeli. Şeýlelikde, täze döwürde, ALSA-nyň ýolbaşçy düzümi şeýle kesgitlendi:

1. Dr.Döwran Orazgylyjow- saýlanan Prezident
2. Ruthlynn Ochengo – Wise Prezident
3. Elaý Sultanahmadi- Baş sekretar

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi