JEMGYÝET

Türkmenistanda täze baş prokuror wezipä bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş prokurory Serdar Mälikgulyýewi prokuratura edaralarynyň işlerini pes derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowy belledi.

Related posts

Adamlar näçe gradus yssa çydap bilýärkä?

vepa

Türkmen Lider, helikopter ile Aşkabat’taki projeleri inceledi

vepa

Mary şäherine täze häkim bellendi