JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistana resmi sapar bilen bardy

Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna geldi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sapary mynasybetli Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlara giň orun berlip, dabaraly ýagdaý emele geldi.

Bu ýerde Milli Liderimizi Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Soňra howa menzilinde hormatly Arkadagymyz bilen täjik tarapynyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Täjigistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde türkmen-täjik gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekiler. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostlukly ýurduň parlament ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende, şu günler Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin ýurdumyzdan uly wekilçilikli toparyň hem täjik topragynda bolýandygyny bellemeli. Iki ýurduň ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçiriljek ylmy duşuşyk, Türkmen-täjik işewürlik maslahaty hem Milli Liderimiziň saparynyň wakalarynyň üstüni ýetirip, aýry-aýry ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goşmaça itergi berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär