Krosswordyň soraglary

1. Deňziň gyralarynda ýer gazyp, süýji suw alynýan çukur, oý, guýy.
2. Kowumy birlik, kowum, nesil taýdan garyndaşlyk
3. Agaçdan, gaýyşdan, demirden we ş.m. ýasalan kiçijik gap
4. Wepaly jandar.
5. Mukaddes güýç, gudrat.
6. Iň eziz, mähriban
7. Paýtagty Mbabane
8. Üflenip çalynýan saz guralynyň bir görnüşi
9. Öz aýdýan zatlaryň dogrudygyny, mamladygyňy nygtamak, şonuň ýaly-da biriniň sözüni tassyklamak üçin aýdylýan ümlük
10. “Gany sen, saňa ýok hiç ... hajat” (Abdysetdar Kazy)
11. Pişikler maşgalasyna girýän ala, narynç-sary reňkli, ýyrtyjy, wagşy haýwan
12. Öýüň düýp tarapy
13. Ýazyjydyr şahyrlaryň kabul eden edebi ady, tahallus.
14. Eýwan, jaý basyrylanda pürsleriň üstünden keseligine goýulýan uzyn agaç.
15. Gül basylyp ýa-da gül basylman, goýnuň ýüňünden ýörite usul bilen taýýarlanýan öý düşegi.
16. Afrikada bir ada.
17. Galla we ş.m. zatlar saklamak üçin jaý, ýer
18. Iýmit üçin ulanylýan ak, süýnmek däne.
19. Jöwen, mekgejöwen ýaly ekinleriň çiňrigi.
20. Oýnuň düzgünine seredýän adam
21. Hemişe gök öwüsýän, hasyl berýän sitrus agajy.
22. Elektrik zarýadlarynyň geçiriji simdäki hereketi.
23. Kakaň ejesi
24. Torgaýdan ulurak, boz reňk, saýraýan meýdan guşy
25. Paýtagty Maskat
26. Ýüzi gaýdyp, kütelen, ýiti, ötmezek.
27. Ösümligiň gögerip başlan bölegi, şinesi, şonuň ýaly-da, gögerip oturan agajyň, käbir ösümligiň düýbünden çykýan çybygy.
28. Bir ýa-da birnäçe gaty jisimleriň garyndysy.
29. Durmuş wakalary ýörite sahnalaşdyrylan janly kinoşekiller arkaly beýan edilýän sungat eseri
30. Pul serişdelerini saklaýan we dürli maliýe amallaryny geçirýän edara